Italiýaly meşhur kino ýyldyzy aradan çykdy

Italiýaly aktrisa Jina Lollobrija 95 ýaşynyň içinde aradan çykdy.Bu barada “La Repubblica” gazeti habar berdi. 1940-njy ýyllardan bäri kinoda keşp janlandyrýan Lollobrija 60-70-nji ýyllaryň dünýä belli režissýorlarynyň filmlerinde meşhurlyk gazandy.

Aktrisa 1959-njy ýylda “Kanun” filminde baş keşbi janlandyrdy. 1972-nji ýylda Jina Lollobrija Wladimir Nabokowyň “Korol, dama, walet” romany esasynda düşürilen filmde peýda boldy.

Aktrisa ýarym asyrdan gowrak karýerasynda 60-dan gowrak kinoda baş keşbi janlandyrdy. Haçanda, keşpler boýunça teklipler azalyp ugranda, Lollobrigida suratçy hökmünde täze iş tapynyp, Fidel Kastro ýaly döwlet ýolbaşçylary bilen söhbetdeşlik we fotosessiýa gurap başlady.

Ol ömrüniň soňky ýyllaryna çenli Italiýanyň syýasy durmuşyna işjeň gatnaşyp, Ýewropa Parlamentine we Italiýa Senatyna saýlanmaga synanyşdy. Ýöne ol kinotomaşaçylaryň hakydasynda şazada Sawskaýanyň ýa-da britan komediýasy “Paradise Hotel”-däki owadan zenan Marsel hökmünde hemişelik galar. Ozalky SSSR-iň tomaşaçylary 1952-nji ýylda döredilen “Fanfan-Çigildem” komediýasynda italýan gözeli bilen ilkinji gezek tanyş bolupdylar.

Ýene degişli makalalar

Ysraýyl Liwanyň gündogaryna harby howa hüjümini gurady
Iň agyr kädi rekordy täzelendi
ABŞ-da dünýäde iň agyr kädi ösdürip ýetişdirdiler
BAE-de Gün elektrik stansiýasy işe giriziler
Merkezi Aziýa we Koreýa respublikasynyň parlament ýolbaşçylarynyň ilkinji forumy geçirildi
Türkmenistanyň parlamentiniň wekiliýeti Geljege gönükdirilen özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmek atly maslahata gatnaşdy