22-nji awgustda meşhur italýan aýdymçysy we kompozitory Toto Kutunýo 80 ýaşynyň içinde Milanyň “San Raffaele” keselhanasynda aradan çykdy. Ol uzaga çeken agyr keselden soň keselhana ýerleşdirilipdi. Aýdymçynyň ýagdaýy soňky aýlarda has-da agyrlaşypdy. Meşhur aýdymçy “L’italiano” aýdymy bilen bütin dünýäde tanalýar.
2015-njy ýylda Toto Kutuno Aşgabatda konsert berdi. Şonda ussat aýdymçy iň gowy aýdymlaryny hödürledi. Bu konserte gatnaşmaga miýesser edenleriň hemmesi munuň gaty ajaýyp konsert bolandygyny ýatlaýarlar.
Toto Kutunonyň deňi-taýy bolmadyk sesi we harizmasy, aýdymlarynyň janlylygy we romantikasy aýdymçynyň Italiýada we dünýäniň beýleki ýerlerinde hakyky rowaýata öwrülmegine mümkinçilik berdi.
1975-nji ýylda Toto Kutuno, “Et si tu n’existais pas” we “Salut” atly meşhur hitleriň sazynyň awtory Jo Dassin üçin aýdym ýazyp başlady.Soňra onuň aýdymlary Adriano Çelentano, Mireý Matýe, “Ricchi e Poveri” we beýleki ýyldyzlaryň repertuarynda peýda boldy. 1980-nji ýylda Toto Kutuno, “Solo Noi” aýdymy bilen Sanremo festiwalynda ýeňiji bolup, Italiýada super ýyldyz boldy. Şeýle hem ol 1990-njy ýylda Zagrebde geçirilen Ýewrowideniýe aýdym bäsleşiginiň ýeňijisidir.
Toto Kutunýo 1943-nji ýylyň 7-nji iýulynda Italiýanyň Toskana şäheriniň Fosdinowo diýen obasynda dünýä inýär.Ol 19 ýaşyna çenli ýerli toparlar bilen deprekçi hökmünde çykyş edýär. 1966-njy ýylda Toto özüniň “Toto e i Tati” toparyny döredýär.
Ol Italiýada döreden aýdymlary bilen çykyş edip, uly üstünlik gazandy.Toto 1967-nji ýylda geljekki aýaly Karla bilen tanyşýar.Totonyň Niko atly ogly bar. 1981-nji ýyldan 1986-njy ýyla çenli iň köp satylan “L’italiano” albomy Toto Kutunýo uly abraý getirdi.
Häzir onuň maşgalasy Naplesiň golaýyndaky Portofino şäherinde ýaşaýar.