Italiýaly arhitektor Türkmenistanda saparda bolýar

Italiýaly arhitektor Türkmenistanda saparda bolýar

Italiýa Respublikasynyň dünýä belli “Foskarini” kompaniýasynyň utgaşdyryjysy, Italýan arhitektory Matteo Rubinati Italýan dizaýny hepdeliginiň çäklerinde ýurdumyzda iş saparynda bolýar. Bu barada Türkmenistan: Altyn asyr neşiri habar berdi.

Italýan arhitektory Matteo Rubinati Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynda geçirilýän hepdeligiň dowamynda institutyň binagärlik, şähergurluşyk we ilatly ýerleri meýilleşdirmek hem-de binagärlik gurşawynyň dizaýny hünärleri boýunça bilim alýan talyplaryň arasynda Yşyklandyrýan hil, dizaýnyň adama we daşky gurşawa edýän täsiri temadan okuw sapagyny geçirdi.

Bu okuw sapagy talyp ýaşlaryň italýan binagärliginiň hem-de dizaýnynyň aýratynlyklary baradaky bilimlerini has-da artdyrdy.Okuw sapagynyň dowamynda talyplar sorag-jogap alyşdylar.

Bu okuw sapagy Türkmenistanyň Prezidentiniň 2024-nji ýyla çenli ýurduň ýokary okuw mekdeplerini dünýäniň abraýly ýokary okuw mekdepleriniň sanawyna goşmak baradaky tabşyryklarynyň üstünlikli amala aşyrylýandygynyň aýdyň subutnamasy boldy.

Hepdeligiň çäginde Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň professor-mugallymlarynyň we talyplarynyň işleriniň sergisi hem guraldy.

2019-njy ýylyň 6-njy noýabrynda Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk instituty bilen Milanyň Politehniki uniwersitetiniň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama baglaşyldy. Şol Ähtnamanyň çäginde ýokary okuw mekdepleriň arasynda netijeli işler alnyp barylýar.

Ýene degişli makalalar

Aşgabatda türkmen-tatar işewürlik maslahaty geçiriler, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi 15 ýyllygyny bellär, Daşoguzda 7 sany köpgatly ýaşaýyş jaýy gurlar we beýleki habarlar
Russiýanyň Daşary Işler Ministri Lawrow, Papanyň Wekili Zuppi Bilen Duşuşdy
Erdogan Şwesiýanyň NATO Agzalyk Teswirnamasyny Tassyklady
Syýahatçylar üçin dünýäniň iň howply ýerleri
ABŞ Eýranda Guralan Hüjümler Bilen Arabaglanşygynyň Ýokdugyny Beýan Etdi
Blinken Kiýewe Bardy