Italiýanyň ANSA habarlar agentliginden berilen habarda, ýer süýşgüniniň başdan geçirilen ýeri bolan Iskýa adasynyň Kazamiççola-Terme etrapçasynda dowam etdirilýän gözleg we halas ediş işlerinde dereksiz ýiten 4 adamyň 3-siniň jesediniň tapylandygy mälim edildi.
Şeýlelik bilen tebigy apatyň başdan geçirilen güni bolan geçen hepdäniň şenbe gününden bäri ýogalanlaryň sany 11 adama ýetdi.
Dereksiz ýiten 1 adamyň bolsa gözleg işleri dowam edýär.
Adanyň dolanşyk taýdan degişli bolan Napoli welaýatynyň gubernatory Klaudio Palomba, howa şertleri bilen bagly sary ýa-da narynç kategoriýada duýduryş bolan halatynda Iskýa adasyndan azyndan 1 müň adamyň duýduryş derejesi peselýänçä çenli ewakuasiýa etmäge mejbur galjakdyklaryny habar berdi.
Iskýa adasynda 26-njy noýabrda aşa ýagan ýagyşlar sebäpli emele gelen ýer süýşgüniniň netijesinde dereksiz ýiten adamlardan daşary golaýdaky käbir öýleriň ýeriň aşagynda galmagy we köp sanda ulagyň deňize süýrenmegi bilen uly mukdarda maddy zyýan çekilipdi. Hökümet tebigy apat sebäpli sebite 2 million ýewrolyk pul serişdesini bölüp aýyrypdy.
Tebigy apat adadaky bikanun gurluşyk meselesini ýaňadandan gün tertibe getirdi.