Italiýadaky aşa ýagýan ýagyşlar gündelik durmuşa ýaramaz täsir ýetirýär

Italiýadaky aşa ýagýan ýagyşlar gündelik durmuşa ýaramaz täsir ýetirýär

Italiýanyň metbugatynda berilen habarlara görä, ýurduň demirgazygyndaky Milan we onuň töwereginde täsirli bolan aşa ýagýan ýagyşlar sebäpli, düýn Milan Malpensa howa menziliniň 1-nji we 2-nji bölümlerini suw aldy.

Şäherde şu gün irden täsirini dowam etdiren ýagyş, käbir ýollaryň ulaglara ýapylmagyna sebäp döretdi.

Wareze şäherindede käbir öýleriň zeminlerini we ýer zeminlerini suw aldy, köçeler çäge bilen gaplandy.

Ýagyşly howa uçar saparlarynada ýaramaz täsir ýetirdi, düýn günortan 27 uçar sapary beýleki howa menzillerine gönükdirildi.

Beýleki tarapdan Premýer ministrlik Raýat goranyş departamenti hem şu gün üçin 10 welaýat üçin aşa ýagyşlar sebäpli sil apatlarynyň we suw joşmalarynyň boljakdygy barada duýduryş berdi.

Ýurtda yssy howa tolkunynyň şu hepdäniň ahyrynda ýaňadandan artjakdygy mälim edildi.

Ýene degişli makalalar

Sil suwlary ýollara, jaýlara zelel ýetirýär, ýöne öri meýdanlar ganýar, mallar ine-gana otlaýar
Hojamuhammet Çüriýewiň şahsy döredijilik sergisi
Türkmen bazarynda Gorji we Narzan haryt nyşanly mineral suwlar peýda boldy
Ýewropa gar ýagdy
Pakistanda aşa ýagan ýagyşlar we ýyldyrym sebäpli ýogalan adamlaryň sany artdy
Pakistanda Sil Apaty Sebäpli Ýogalanlaryň Sany Artdy