Italiýadaky Appiýa ýoly ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizildi

Italiýadaky Appiýa ýoly ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizildi

Appiýa ýoly ÝUNESKO halkara guramasynyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizildi, bu baradaky çözgüt guramanyň geňeşiniň Deli şäherinde geçýän ýygnagynda kabul edildi diýip, MIR 24 ýazýar.

Ýol baryp Gadymy Rimiň Respublika döwründe (b.e.öň 312-nji ýyl) gurlup, hökümdar Appiýa Klawdiýa Sekiň hormatyna atlandyrylypdyr. Bu ýol arkaly Gresiýa, Müsür we Kiçi Aziýa bilen gatnaşyk ýola goýlupdyr.

Italiýa ÝUNESKO-nyň bütindünýä mirasynyň sanawyna iň köp taryhy ýerlerdir gymmatly tapyndylar girizilen ýurtdur. Uzynlygy 500 kilometrden hem uzak bolan Appiýa ýoly olaryň 60-njysy boldy.

Ýene degişli makalalar

Seulda Merkezi Aziýa — Koreýa dostluk güni geçirildi
Aşgabatda halkara bilermenleriň sebitleýin duşuşygy geçirildi
Bilermenler Beýik Ýüpek ýolunyň Hazarýaka şahalaryny ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizmegi maslahatlaşdylar
Türkmen halkynyň Milli Lideri Saud Arabystany Patyşalygynyň Mirasdüşer Şazadasy, Premýer-ministri bilen duşuşdy
Hytaýda bir ýarym müň metrlik belentlige uzaýan basgançak guruldy
Braziliýaly dünýäde iň uzak ýaşly diýlip yglan edildi