Italiýada dünýäde iň uzyn asma köpri gurlar, ol Sisiliýa bilen ýurduň gury ýer bölegini birleşdirer diýip, Bloomberg neşirine salgylanýan MIR 24 ýazýar.
Şeýle taslama baryp gadymy rimliler döwründe oýlanyp tapylypdyr. Italiýada bu köprini mundan birnäçe ýyl öň, ýurduň Ministler Kabinetine Mario Monti başlyklyk edýärkä gurmakçydylar, emma taslamadan çykdajylaryň köpdügi we inženerçilik kynçylyklary sebäpli ýüz öwürdiler, indi Meloniniň hökümeti bu pikiri durmuşa geçirmekçi bolýar.
Desganyň uzynlygy üç kilometrden gowrak bolar, onuň gurluşygyna geljek ýyl badalga berler. Italiýanyň infrastruktura ministri Matteo Salwini taslamanyň amala aşyrylmagynyň kömürturşy gazynyň howa taşlanýan zyňyndylaryny azaltmaga mümkinçilik berjekdigini, Messin aýlagynyň üsti bilen gezelenjiň tiz we arzan düşjekdigini aýdýar.