Italiýada ilkinji ýel elektrik bekedi

Italiýa Ortaýer deňzi sebitinde ilkinji deňiz ýel elektrik stansiýasyny resmi taýdan işe girizdi.Italiýanyň günortasyndaky Taranto portunda geçirilen dabaranyň elektrik toruna birikdirilen Beleolico taslamasynyň turbinalaryny hytaý kompaniýasy gurnady.

Beleolico taslamasynda umumy kuwwaty 30 MWt bolan 10 sany turbina bar.Hytaý enjamlaryny üpjün ediji Ming Yang Smart Energy Group Ltd.-niň maglumatlaryna görä, bu ýel elektrik stansiýasy ýylda 200 müň töweregi hojalygy energiýa bilen üpjün edip biler.

Italiýanyň daşary işler ministri Italiýanyň täzelenip bilýän energiýa çeşmeleriniň ornaşdyrylmagyny çaltlaşdyrmagy we milli energiýa balansyndaky paýyny artdyrmak isleýändigini aýtdy.

Deňiz energiýasy, Italiýa ýaly iri kenarýaka sebitleri bolan ýurtlar üçin ykdysady mümkinçilikleri döredip, ýaşyl ykdysadyýete geçmek prosesine kömek edip biler. Şeýle-de mawy ykdysadyýet bilen gyzyklanýan taraplaryň arasynda ýerli gymmatlyklar zynjyrynyň ösmegine ýardam berer diýip, Luiji Di Maýo belledi.

Hytaýyň Ming Yang Smart Energy Group Ltd. kompaniýasynyň wise-prezidenti Wang Lihe, bu taslamanyň Hytaý we Ýewropa kompaniýalarynyň arasynda deňizdäki ýel tehnologiýasy we tejribe alyş-çalşyny güýçlendirendigini we arassa energiýanyň ösmegine we howanyň üýtgemegine garşy göreşmek üçin halkara hyzmatdaşlygyny ösdürýändigini aýtdy.

Ýene degişli makalalar

Goşa ganatly ýel turbinasy
Türk telewideniýe işgärleri türkmen kärdeşlerine täze iş usullaryny öwretdiler, Arkadag şäheriniň Aba Annaýew şäherçesinde ýerli öz-özüňi dolandyryş edarasynyň agzalygyna ilkinji saýlawlar geçirildi we bebleki habarlar
Hormatly Prezidentimiziň Birleşen Arap Emirliklerine...
Stambulda Türki dünýäsiniň synçylarynyň Simpoziumy geçirildi
Dubaýda OGT 2023 Halkara maýa goýum forumy öz işine başlady
Parižde Türkmenistanyň we Fransiýanyň işewür toparlarynyň duşuşygy geçirildi