Italiýada gidroelektrik desgasynda bolan partlamada 4 adam ýogaldy

Italiýada gidroelektrik desgasynda bolan partlamada 4 adam ýogaldy

Italiýanyň ANSA habarlar agentliginde berilen habarlarda, Emiliýa-Romanýa we Toskana sebitleriniň arasyndaky serhedi emele getirýän Apenin dagyndaky Suwian kölündäki energetika kärhanasy "Enel"-e degişli bolan gidroelektrik desgasynda düýn günortan ýerli wagt bilen sagat 15:00-da partlamanyň bolandygy mälim edildi.

Bolonýa welaýatynyň gubernatorlygyndan berilen maglumatda desgada işlän 4 adamyň ýogalandygy, 5 adamyň hem ýaralanandygy, 3 adamyň bolsa dereksiz ýitendigi aýan edildi.

Desganyň jogapkär kärhanasy Enel tarapyndan berilen beýanatda partlamanyň sebäbiniň we wakanyň nähili başdan geçirilendiginiň anyklanmagy üçin derňew işiniň başladylandygy habar berildi.

Italiýanyň Premýer ministri Jorjiýa Meloni X platformasyndan beren beýanatynda, partlama bilen bagly elhenç habarlara ýakyndan gözegçilik edýändigini belledi.

Ýene degişli makalalar

Dünýä Kubogyna öýlerinde tomaşa etjek ýyldyzlar
Italiýada gidroelektrik desgasynda bolan partlamada ýogalan adamlaryň sany artdy
Dünýäniň meşhur otluly syýahatlary
Mançester Sitiniň ýarym goragçysy Rodri 2024-nji ýylyň Altyn topuna mynasyp boldy
FIFA ýylyň iň gowularyny saýlady
Italiýada sil joşgunlary dowam edýär