Welosport “Gran Tur” ýol ýaryşlarynyň iň esasy 2-nji bäsleşigi “Giro
d’Italia” tamamlandy. Pandemiýa sebäpli adaty geçirilýän wagtyndan 4 aý soň
guralan ýaryşda Beýik britaniýaly Teo Geýgan Hart ýeňiji boldy. Britaniýanyň “Ineos Grenadiers” toparynyň 25 ýaşly sürüjisi soňky tapgyrda umumy
sanawda 1-nji orny eýeläp, garaşylmadyk ýeňiş gazandy. Diňe 15-nji we 21-nji
tapgyrlarda ýeňiji bolan Teo Geýgan Hart soňky tapgyrda Jeý Hindliden öňe
saýlanmagy başardy. Hart 3361,4 kilometrlik aralygy 85 sagat 40 minut 21
sekuntda tamamlamagy başardy. Garaşylmadyk bu ýeňiş 25 ýaşly türgeniň ilkinji
çempionlygy boldy. 103-nji gezek geçirilen ýaryşda ýeňijiden 39 sekunt yza
galan “Team Subway” toparynyň türgeni Jeý Hindli 2-nji, toparyň başga
welosportçysy, 18-19-njy tapgyrlarda umumy sanawda öňe saýlanan Wilko Kelderman
3-nji ýeri eýeledi. 3-nji tapgyrda gülgüne köýnekçäni geýip, 17-nji tapgyra
çenli umumy sanawda iň öňdäki orny özünde saklan Žoao Almeida 4-nji ýer bilen
oňňut etmeli boldy.