
Italiýanyň metbugatynda berilen habarlara görä Parma şäheriniň Kastelguelfo diýilýän ýerinde düýn ýerli wagt bilen sagat 19:30-da dikuçar ýere gaçdy.
Wakada dikiuçardaky 2 uçarman bilen senagat nygmat önümleri pudagynyň öňdebaryjy işewür adamlarynyň biri bolan Lorenso Rowanýatiniň ýogalandygy habar berildi.
Dikuçar heläkçiliginiň ümür sebäpli görüş ukybynyň pes bolmagyndan gözbaş alýan uçarmanyň ýalňyşlygy ýa-da guýruk propelleriniň mehaniki näsazlygy sebäpli bolan bolup biljekdigi çak edilýär.
Işewür adam Lorenso Rowanýatiniň hepdäniň esasan hem çarşenbe günleri Milandan Kastelguelfodaky ýaşaýan ýerine dikuçar bilen syýahat edendigi aýan edildi.