Italiýaly fermer dünýäde iň äpet kädini ösdürip ýetişdirdi, onuň agramy 1226 kilograma deň boldy. Bu barada Italiýanyň Lo Zuccone neşiriniň täzeliklerine salgylanyp, Bereketli toprak gazeti habar berýär.
Italiýanyň Peççoli diýen ýerinde geçen Festa dello Zuccone atly oba hojalyk önümleriniň festiwalynda ýerli daýhan Stefano Kutrupi pälwan kädini jemagata görkezdi. Onuň ýetişdiren bakja önüminden müňlerçe kädili gutap taýýarlap boljak diýip, ýerli adamlar degişýärler.
Şunlukda, Kutrupi 2016-njy ýylda agramy 1190 kilogramlyk kädi ýetişdiren belgiýaly daýhan Matias Willemeýnsiň rekordyny täzelemegi başardy.
Festiwalda italiýaly fermer 3 müň ýewro möçberinde pul sylagyna mynasyp boldy. Bu kädiniň her bir kilogramy üçin 2 ýewro sylag berildigi diýildigidir.