Türkmenistanyň Döwlet şekillendiriş sungaty muzeýinde açylan “Italiýa.Arheologiýa.Hytaý” sergisi paýtagtymyzyň medeni durmuşynda şanly waka boldy. 2018-nji ýylyň “Türkmenistan Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” şygaryna bagyşlanan sergide suratlaryň reproduksiýalary we amaly-haşam sungatynyň eserleri, şeýle hem arheologik artefaktlar goýlupdyr.
Serginiň guramaçylary-- Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi, Italiýanyň we Hytaýyň Ilçihanalary uzynlygy boýunça we siwilizaýiýa babatda gadymy kerwen ýolunyň taryhynda biziň ýudumyzyň esasy ähmiýete eýe bolandygyna ünsi çekmäge çalşypdyrlar. “Italiýa.Arheologiýa.
Hytaý” sergisiniň açylyşynda muzeýiň zallarynda dürli dillerde joşgunly gürrüňleriň sesi gelýärdi.Aşgabatlylar we paýtagtymyzyň myhmanlary, diplomatik wekilhanalaryň wekilleri türkmen, rus, italýan, hytaý we iňlis dillerinde pikir alyşýardylar.Serginiň hytaý bölüminde Gündogar we Günbatar medeniýertleriniň bir-birine özara täsir edenliginiň subutnamasy bolan özboluşly eksponatlaryň elliden gowragynyň fotosuratlary goýlupdyr.
Olaryň arasynda kaknus guşuň kellesi çekilen üç reňkli syrça çalnan küýze hem bar.Hünärmenleriň pikirine görä, ol VI asyrda Persiýdan Hytaýa getirilipdir.Aýna käse Wizantiýa eýýamynda, ýagny Ortaýer deňzi sebitlerinde miladydan öňki I asyrda ulanylan usulda ýasalaypdyr.
Onuň Hytaýa getirilmezinden öň uzak ýol geçendigine şek-şübhe ýok.Keramiki heýkeljikleriň ençemesi, düýe kerweni şekillendirilen freska žiwopisi, wizantiýa teňňeleri, möhürler we gündelik ulanylan beýleki zatlar gadymylygy we nepisligi bilen haýran edýärler.
Hytaý medeniýeti Günbatary diňe bir nepis ýüpegi däl, eýsem tehniki açyşlary kompasy, kagyz, kitap çap etme usuly, däri, kagyz pullary bilen Beýik Ýüpek ýoly arkaly baýlaşdyrypdy.Bu ýere gelýänleriň italýan sergisi bilen tanyşlygy portret žiwopisiniň ajaýyp nusgasy Anýolo Bronzinonyň 1545-nji ýylda çeken “Eleonora Telodalynyň hem-de onuň oglunyň portreti” suratyndan başlanýar.
Mediçiler maşgalasyndan bolan parçadan tikilen bezemen köýnekli owadan ýaş zenanyň keşbi göreni özüne bendi edýär.Onuň gapdalynda Mikelanjelo Buonarottiniň 1537-1541-nji ýyllarda çeken Watikanyň Siksta katolik ybadathanasynyň altar diwaryndaky belli “Kyýamat” freskasynyň fotonusgasy bar. Şeýle hem ХIII asyr eseri hasaplanylýan näbelli awtoryň “Musulman ýewreý bilen küşt oýnaýar” atly minatýurasyny hem bellemek gerek. 1647-nji ýylda çap edilen “Selenografiýa” kitabynyň frontispisinde al Haýfam bilen Galileo Galileý şekillendirilipdir, olaryň kellesinde selle bar.
Maglumatlar tagtasyndaky ýazga salgylansaň, şol döwürde Günbatarda Gündogara mahsus eşik saýrylygyň we ylym-bilimliligiň nyşany eken.Biziň ýurdumyzda geçmişiň ýadygärlikleriniň ençemesi gadymy şäherleriň, galalaryň harabaçylyklary, Orta asyr metjitleri, medreseler saklanyp galypdyr.
Parfiýa şäherleriniň we obalarynyň köpüsi Ortaýer deňzi ýurtlaryny Hytaý bilen birleşdiren Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşipdir.Söwda ýollarynyň bir ugry Margiananyň üstünden geçipdir.Türkmenistana bagyşlanan sergi zalynda Aşgabat ýer titremesi netijesinde weýran bolan we dikeldijileriň kem-käs dikelden Änew metjidiniň gök-mawy girelgesi ünsüňi özüne çekýär. Ýetmezi ýetik bolsa-da, nepis bezegleriň gözelligi haýran edýär.
Margiananyň bürünç eýýamyna degişli arheologik artefaktlary serginiň merkezinde goýlupdyr.Bu ýerde Goňurdepe ybadathanasyndan toýun heýkeljik, oýulyp ýasalan daş gap, mazarlaryň birinden tapylan kelleçanak boýunça dikeldilen erkek adamyň portreti, gymmatly daşlardandyr pil süňkünden ýasalan dürli zatlar, keramiki gaplar hem goýlupdyr.
Parfiýa aýratyn bölüm bagyşlanypdyr.Orta Aziýa miladydan öňki II asyryň ahyrynda I asyryň başynda gelip gören nytaýly syýahatçylar Parfiýanyň golastynda ýüze golaý senetçiligi we söwdasy ösen ululy-kiçili şäherleriň bolandygyny habar beripdirler. “Italiýa.
Arheologiýa.Hytaý” sergisine gelenler Gündogaryň we Günbataryň medeniýetleriniň bir-birine täsir eden eksponatlaryny görmäge mümkinçilik alýarlar.Bu ýerde goýlan zatlar söwdanyň we önümçiligiň güýçli ösüşine itergi beren, bilimleri alyşmaga we syýasy, şeýle hem ykdysady diplomatiýanyň kemala gelmegine ýardam eden Beýik Ýüpek ýolunyň ähmiýetini nygtaýar.