Italiadaky awtobus heläkçiliginde 21 adam ýogaldy

Italiadaky awtobus heläkçiliginde 21 adam ýogaldy

Italiýanyň metbugatynda berilen habarlara görä, Mestre şäherinden Marghera şäherine tarap ýola çykan ýolagçy awtobus entek anyklanyp bilinmedik sebäp bilen geçelgeden geçýän mahaly ýoldan çykyp, aşak gaçdy.

Awtobusyň takmynan 15 metr beýiklikdäki geçelgäniň aşagyndan geçýän demir ýola gaçandygy we aşak gaçanyndan soň ýanmaga başlandygy habar berildi.

Wenesiýa gubernatorlygyndan berilen beýanata görä, wakada ilkinji kesgitlemelere görä 21 adam ýogaldy, 12 adam ýaralandy. 4-5 adamyň hem dereksiz ýitendigi mälim edildi.

Wenesiýanyň häkimi Luigi Brugnaro Rainews24 kanalyna beren beýanatynda, uly tragediýanyň başdan geçirilendigini belläp, ýogalanlaryň aglabasynyň daşary ýurtlydygyny we wakanyň bolan ýerinde Ukraina degişli pasportlary tapandyklaryny beýan etdi.

Wakadan soň Italiýanyň Prezidenti Serjio Mattarella Wenesiýanyň häkimi Luigi Brugnaro jaň edip, waka barada maglumat alandygy habar berildi.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidenti Italiýada bolan awtobus heläkçiligine gynanç bildirdi
Türkmenistanyň Prezidenti italýan kärdeşine awtobus heläkçiligi zerarly gynanç bildirdi
Türkmenistanda ýaşlaryň arasynda geçirilýän ylmy işler boýunça bäsleşigiň 67 sany ýeňijisi sylaglandy, Russiýa Federasiýasnyň Aşgabatdaky ilçihanasy Russiýanyň güni mynasybetli kabul edişlik geçirdi we beýleki habarlar
Sadyr Žaparow resmi sapar bilen Italiýa bardy
Hormatly Prezidentimiz italýan kompaniýasynyň ýolbaşçysyny kabul etdi
Türkmenistanyň Prezidenti italýan kompaniýasynyň ýolbaşçysyny kabul etdi