Ispaniýanyň ýygyndysy näçe pul baýragyny gazandy?

EURO 2024-iň finalynda Angliýany 2-1 hasabynda ýeňen Ispaniýanyň ýygyndysy çempionatdan mümkin bolan iň ýokary pul baýragyny 28,25 million ýewro gazandy.UEFA ýaryşa gatnaşan her topara 9,25 million ýewro berýär.

Toparçadaky ähli duşuşygynda-da ýeňiş gazanan ispanlar her 3 utuk üçin 1 million ýewro, 1/8 finaldaky ýeňşe-de 1,5 million ýewro aldy. Çärýek finaldan 2,5 million ýewro alan ispanlar ýarym finala çykany üçin ýene-de 4 million ýewro pul baýragy bilen sylaglandy. Çempion hökmünde-de 8 million ýewro gazanan ispanlar çempionatdan mümkin bolan iň köp pul baýragyna mynasyp boldy.

Bassyr 2-nji gezek finala çykan Angliýa bolsa 24 million ýewro pul baýragy bilen sylaglandy.

Ýene degişli makalalar

Türkiýäniň Ýygyndysy Çärýek Finala Gatnaşmaga Hukuk Gazandy
Angliýa faworit, ýöne…
Ýamalyň rekordy we EURO 2024-iň ilkinji finalçysy Ispaniýa
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Erdogan UEFA-nyň Merih Demiral Hakynda Derňew Işini Başlatmagyna Reaksiýa Bildirdi