Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasy Ispaniýadaky we Hindistandaky medeni desgalary Bütindünýä mirasynyň sanawyna goşdy. Bu karar ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň Komitetiniň Fuçžou şäherinde (Fujian welaýaty) geçirilýän 44-nji mejlisinde kabul edildi diýip, Trend habar berdi.
Has takygy, indi sanawa Madridiň Paseo del Prado bulwary bilen Buen Retiro seýilgähi hem girer.Madriddäki bulwarda Sibeles we Neptun ýaly uly suw çüwdürimleri, şeýle hem ÝUNESKO tarapyndan "şäheriň möhüm nyşany" hasaplanýan Sibeles meýdançasy bar. "Bu desga XVIII asyryň ösen absolýutizm döwründe şäher giňişligi we ösüşi baradaky täze ideýany özünde jemleýär" diýip, ÝUNESKO-nyň hünärmenleri belleýärler.
XVII asyra degişli Buen Retiro köşgünden galan 120 gektarlyk Buen Retiro seýilgähi Madridiň ýaşaýjylary üçin dynç alynýan ýer hasaplanýar.Onda XIX asyrdan häzirki güne çenli dürli bagçylyk usullary şöhlelenýär.
Telangana ştatynda ýerleşýän Kakatiýa-Rudreşwara ybadathanasy (Ramappa ybadathanasy) hem ÝUNESKO-nyň sanawyna girizildi.Ol Haýdarabadyň 200 kilometr demirgazyk-gündogaryndaky Palampet obasynda ýerleşýär we Şiwanyň esasy ybadathanasy hasaplanýar.