Ispaniýanyň hökümet başlygy Pedro Sançes ýurduň edara işgärlerini elektrik energiýasyny tygşytlamak maksady bilen galstuk dakynmakdan ýüz öwürmäge çagyrdy. Bu barada El Economista neşiri habar berdi diýip, Izwestiýa ýazýar.
Syýasatçy galstuk dakynmakdan ýüz döndermekligiň we elektrik energiýasyny tygşytlamagyň arabaglanyşygyny anyklaşdyrmady, emma teklibiň edaralarda sowadyjy ulanmagyň möhletini tygşytlamak bilen bagly bolmagy mümkin diýip ady tutulan neşir belleýär.
APNews habarlar gullugynyň ýazmagyna görä bolsa, ispan hökümeti 40 gradus derejedäki çakdanaşa yssy howa sebäpli ilata howany ýelejiretmek maksady bilen kondisionerleri gereginden artyk ulanmazlygy maslahat berendigini ýazdy.
Men galstuk dakynmaýaryn, bu bolsa, energetiki nukdaýnazardan, biziň ählimiziň tygşytlap biljekdigimizi görkezýär we men ähli ministrlerdir döwlet işgärlerinden şuny haýyş etdim. Hususy pudak, siz hem mümkin boldugyça galstuk dakynmaň, şeýtmek bilen biz hemmeleri halas edip bileris diýip, Sançes nygtady.