Ispaniýanyň futbol ýygyndysy Ýewropanyň çempiony boldy

Ispaniýanyň futbol ýygyndysy Ýewropanyň çempiony boldy

Ispaniýanyň futbol boýunça milli ýygyndysy final duşuşygynda Angliýanyň ýygyndysyny 2:1 hasabynda ýeňip, Ýewropanyň çempiony boldy. Berlin şäherinde geçirilen final duşuşygynda çempion toparyň gollaryny Niko Uilýams (47-nji minut) bilen Mikel Oýarsabal (86) geçirdi. Iňlis ýygyndysyndan bolsa 73-nji minutda Koul Palmer tapawutlandy.

Şeýlelikde, ozal 1964-nji, 2008-nji we 2012-nji ýyllaarda Ýewropanyň çempiony bolan Ispaniýanyň ýygyndysy bu üstünligini dördünji gezek gaýtalady. Mundan öň olar Germaniýa bilen üç çempionlykdan birinji orny paýlaşýardylar.

Angliýanyň ýygyndysy bolsa bassyr ikinji gezek finalda asgyn geldi. Iňlisler 2021-nji ýyldaky finalda Italiýanyň ýygyndysyndan hem ýeňlipdiler.

Ýene degişli makalalar

EURO 2024 Çempionatynyň Çempiony Ispaniýa Boldy
Ispaniýa Ýewropanyň ýeňlişsiz ýeňijisi
Çapyksuwar zenan barada täze film
Az bilinýän futbol wakalary
Bedewler hakynda surata düşürilen dünýä belli filmleriň hatarynda ýatlanmaga has mynasyplary hökmünde şulary agzamak bolar: