Ispaniýanyň finaldaky garşydaşy Niderlandlar ýa-da Angliýa

Şu gije EURO 2024-de Ispaniýadan soň 2-nji finalçy hem belli bolar. Bu ugurda Niderlandlar bilen Angliýanyň ýygyndylary Dortmund şäherindäki “Westfalen” stadionynda özara duşuşarlar. 00:00-da başlanjak duşuşyga ýerli, germaniýaly Feliks Zwaýer eminlik eder.

Bu duşuşyk 2 toparyň arasyndaky 23-nji gabatlaşma bolar. Mundan öňki 22 duşuşykda 7 gezek niderlandlar, 6 saparam iňlisler ýeňiş gazandy. 9 oýun deňlikde tamamlandy. Gollardada 31-29 Angliýanyň ýygyndysy öňde. Iki toparyň arasyndaky soňky 8 duşuşygyň 5-sinde 90 minutda ýeňiş gazanan bolmady.

Toparlar Ýewropa çempionatynyň çäginde 3-nji gezek duşuşarlar.Mundan öňki 2 oýunda hersi bir gezek ýeňiş gazandy. 1988-nji ýylda toparçalarda Niderlandlaryň ýygyndysy Wan Basteniň het-trigi bilen 3-1 hasabynda ýeňipdi. 1996-njy ýylda ýene-de toparçalarda bu gezek Angliýa 4-1 hasabynda üstün çykdy.

Angliýa uly hasaply ýeňiş getiren gollary Şirer (2) bilen Şeringam (2) derwezä girizdi.Niderlandlaryň ýeke-täk goluny bolsa Kluiwert geçirdi.

Duşuşygyň faworiti iňlisler hasaplanyp, şu gijeki oýunda ýeňiş gazanan finalda Ispaniýanyň ýygyndysy bilen duşuşar.

Iki toparda-da jerimeli futbolçy bolman toparlaryň şol esasy düzümleri bilen meýdança çykmagyna garaşylýar.

NIDERLANDLAR: Werbruggen Dumfris, De Wreý, Wan Deýk, Ake Shauten, Simons, Reýnders Malen, Depaý, Gakpo

ANGLIÝA: Pikford Wolker, Stounz, Guehi Saka, Mainu, Raýs, Şaw Bellingam, Foden Keýn

Ýene degişli makalalar

24 sagatda 71 million gezek tomaşa edildi
Niderlandlaryň düzümi mälim edildi, Wan Deýk çagyrylmady
Wan Gaal Niderlandlaryň düzümini äşgär etdi
FUTBOL BAÝRAMÇYLYGY DOWAM EDÝÄR
DÖRT TOPAR ÝEŇLIŞSIZ BARÝAR
Niderlandlara çärýek finala çykmak kyn düşmedi