Ispaniýanyň Daşary Işler Ministri Ankarada Saparda Boldy

Ispaniýanyň Daşary Işler Ministri Ankarada Saparda Boldy

Daşary işler ministri Hakan Fidan, ÝB-ne agzalygyň Türkiýäniň strategiýa taýdan esasy maksady bolmagynda galýandygyny aýtdy.

Hakan Fidan resmi sapar bilen paýtagt Ankara gelen Ispaniýanyň Daşary işler ministri Hoze Manuel Albares bilen Daşary işler ministrliginde bolan duşuşygyndan soň metbugata beýannama berdi.

Ispaniýanyn başyndan bäri Türkiýäniň ÝB-ne agzalyk etabynda içgin goldaw berýändigini aýdan Hakan Fidan, ispan kärdeşine ÝB-ne agzalygyň Türkiýäniň strategiýa taýdan esasy maksady bolmagynda galýandygyny ýene-de bir gezek beýan edendigini nygtady.

Daşary işler ministri Hakan Fidan “Türkiýäniň ÝB-ne agzalyk etabynyň diýseň möhümdigini ýene-de bir gezek nygtadym. Ispaniýa ÝB-ne agza ýurtlaryň arasynda Gaza meselesinde başyndan bäri deň agramly tutum alyp barýar we palestin halkyna goldaw berýär. Ispaniýanyň alyp barýan bu tutumy Palestina meselesiniň dini we etniki mesele däl eýsem ähliumumy meseledigini açyk aýdyň görkezýär” diýdi.

Ýene degişli makalalar

Hakan Fidan Ispaniýaly Kärdeşi Bilen Telefon Arkaly Söhbetdeşlik Geçirdi
Prezident Erdogan Gresiýanyň Ozalky Daşary Işler Ministrini Kabul Etdi
Hakan Fidan Möhüm Duşuşyklar Geçirdi
Prezident Erdogan Liwiýanyň Premýer-ministrini Kabul Etdi
“Siriýa Bilen Türkiýe Täze Taryh Ýazdy”
Türkiýe-Şwesiýa terrorizme garşy göreş we goranyş pudagyndaky gatnaşyklary seljerer
Türkiýe Bilen Şwesiýa Terrora Garşy Göreş Meselesini Ara Alyp Maslahatlaşdy