Ispaniýalylar poçta arkaly ses berýärler

Ispaniýada geçiriljek nobatdan daşary parlament saýlawlarynda poçta arkaly ses bermegiň möhleti haýyşlaryň köplügi sebäpli 20-nji iýula çenli uzaldyldy.

2,5 million adam poçta arkaly ses bermek barada karara geldi. Bu kararyň sebäbi düşnüklidir: saýlawlar tomus aýynyň ortalarynda, dynç alyş günlerinde geçirilýär. Ispaniýanyň poçta gullugy ýurduň iň uly poçta ses berişligini alyp barmak üçin ýeterlik işgäriniň bardygyny aýtdy.

Ählumumy nobatdan daşary parlament saýlawlary 23-nji iýulda Ispaniýada geçiriler. Bu saýlawlar Premýer-ministr Pedro Sançesiň Sosialistik partiýasynyň ýerli saýlawlarda ýeňilenden soň bellendi.

Ýene degişli makalalar

Prezident Erdogan Alžire guran saparyndan soň beýannama berdi
Ispaniýada saýlaw: köplügi alan partiýa bolmady
Ispaniýada saýlawçylar 26 sekuntda ses berdiler
Koronawirusa Ýolugan Ispaniýanyň Premýer-ministri G-20 Sammite Gatnaşyp Bilmez
Prezident Erdogan, Ispaniýanyň Premýer-ministri Sançes Bilen Telefon Arkaly Söhbetdeşlik Geçirdi
Ispaniýada saýlawdan öňki kampaniýalar başlady