Ispaniýaly alpinist Beatriz Flamini daşarky dünýä çykmazdan we wagt ölçeýji enjamlar (sagatlar, senenamalar) bilen aragatnaşyk saklamazdan, 500 gün gowakda oturyp, dünýä rekordyny täzeledi, diýip RIA Nowosti habar berýär.
Flamini Granada welaýatynyň Sierra Newada dag gerşindäki gowakda bir ýarym ýyldan gowrak wagt ýaşady. Ol 2021-nji ýylyň 20-nji noýabrynda 70 metr çuňlukdaky gowaga girdi we doglan gününi şol ýerde iki gezek, hatda 50 ýaş ýubileýini-de belledi.
Flamininiň gowakda bolmagynyň dowamynda oňa ýörite kameralar arkaly gözegçilik edilýärdi, ýagdaýyna, gündelik işine seredilýärdi, şeýle hem howpsuzlygy ünsden düşürilmeýärdi.Onuň gowakda bolmagy arkaly adamyň şeýle ýagdaýlarda fiziki we akyl taýdan üýtgemek ýagdaýy hem öwrenildi.
Iýmit we suw alpinist bilen gowakdaky ýörite niýetlenen ýere yzygiderli iberildi. Şeýlelikde, ispan zenany öňki dünýä rekordyndan iki esse diýen ýaly ýokary görkeziji gazanmagy başardy.Bu ugurdaky ozalky rekord 2007-nji ýylda italiýaly Kristina Lanzonine degişlidir, ol 269 gün ýerasty barlaghanada ýaşady.