Ispaniýaly Sançes karate boýunça taryhda ilkinji Olimpiýa çempiony boldy

Ispaniýaly Sançes karate boýunça taryhda ilkinji Olimpiýa çempiony boldy

Ispaniýaly türgen Sandra Sançes karate boýunça taryhda ilkinji Olimpiýa çempiony boldy. Ol Tokiodaky Olimpiýa oýunlarynyň finalynda “kata” dissiplinasynda 28,06 bal, onuň garşydaşy ýaponiýaly Kiýou Simidzu 27,88 bal gazandy. Bürünç medallara Gonkongyň wekili Lau Greýs we italiýaly Wiwiana Bottaro mynasyp boldy.

Kata hyýaly garşydaşlar bilen söweşi imitirleýän maşklar seriýasy.

2016-njy ýylda HOK-nyň 129-njy sessiýasynyň dowamynda karateni Tokiodaky Olimpiýa oýunlarynyň maksatnamasyna goşmak barada karar kabul edildi. 2019-njy ýylda karateniň Pariždäki Olimpiadanyň maksatnamasyndan aýryljakdygy belli boldy.

Sançes 39 ýaşynda, ol dünýä çempiony we alty gezek Ýewropa çempionydyr.

Ýene degişli makalalar

Meşhur futbolçynyň ogly ilkinji gezek milli ýygynda çagyryldy
Kopa Amerikada argentinaly tälimçileriň ussatlygy
Türkmenistanyň teatrlarynda Hemişelik Bitaraplyk dostdoganlyk binýady atly dünýä nusgawy sahna eserleriniň hepdeligi geçiriler
Gold Palace dükanyndaky Pomellato: özboluşlylygyň öwüşgini
Ýurdumyzyň teatrlarynda dünýä nusgawy sahna eserleriniň hepdeligi geçiriler
Türkmenistanyň teatrlarynda dünýä nusgawy sahna eserleriniň hepdeligi geçiriler