Ispaniýaly Alkaras US Open-iň ýeňijisi boldy

Ispaniýaly Alkaras US Open-iň ýeňijisi boldy

Ispaniýaly Karlos Alkaras tennis boýunça ABŞ-nyň Açyk çempionatynyň final oýnunda norwegiýaly Kasper Ruudy utdy.

Duşuşyk 6:4, 2:6, 7:6 (7:1), 6:3 hasabynda Alkarasyň peýdasyna tamamlandy. 19 ýaşly Alkaras "Uly tuwulga" ýaryşynyň ilkinji gezek ýeňijisi boldy. Öň, onuň iň gowy netijesi ABŞ-nyň (2021) we Fransiýanyň Açyk çempionatlarynda (2022) dörtden bir finala çykmagydy.

Ol 1990-njy ýyldan bäri US Open-iň iň ýaş ýeňijisi boldy, şonda ýaryşda amerikaly Pit Sampras ýeňiji bolupdy. Ýaryşda ýeňiş gazanmagy Alkarasa ilkinji gezek Professional tennisçileriň assosiasiýasynyň täzelenen reýtinginde dünýäniň birinji raketkasy bolmaga mümkinçilik berer.

Ol birinji orundan russiýaly Daniil Medwedewi gysyp çykarar.Ruud ikinji setire galar.Alkaras awstraliýaly Lleýton Hýuittiň (20 ýaş 9 aý) gazananlaryndan öne geçip, dünýäniň iň ýaş birinji raketkasy (19 ýaş 4 aý) bolar.

Ýene degişli makalalar

Jokowiç US Open-iň finalynda Medwedewden üstün çykdy
Dünýäniň birinji raketkasy ady ugrunda Alkaras bilen Ruud göreşer
Dünýäniň birinji raketkasy Medwedew Meksikadaky ýaryşda ýeňiş gazandy
Jokowiç ATP-niň reýtinginde ýedinji orna düşdi
Alkaras resmi taýdan ATP-niň reýtinginde birinji orundan Medwedewi gysyp çykardy
Daniil Medwedew ýene-de dünýäniň birinji raketkasy boldy