“Ispaniýada soňky 30 ýylda musulman ilatynyň sany 10 esse artdy. Resmi belliklere görä 2,5 million, resmi däl görkezijilere görä bolsa 3 milliona barabar musulman Ispaniýada ýaşaýar” diýen Ažana, ýurtdaky musulmanlaryň 1 milliondan gowragynyň Ispaniýanyň raýatydygyny, şolaryň bir böleginiň raýatlyk alan immigrantlar, galan böleginiň bolsa ispandygyny beýan etdi.
Asly Marokko, Pakistan, Bangladeş, Senegal we Alžir ýaly ýurtlardan gelip çykýan musulmanlaryň köplükdigini gürrüň beren Yslam komissiýasynyň Sekretary Myhamed Ažana, Ispaniýadaky musulman ilatynyň esasy böleginiň Kataloniýa, Walensiýa, Andulus we Madrid ýaly senagat taýdan ösen şäherlerde ýaşaýandygyny aýtdy.
Dünýädäki ähli musulmanlarda bolşy ýaly Ispaniýadaky musulmanlar üçin hem oraz aýynyn mukaddes aýdygyna ünsi çeken Ažana, musulman ilatyň köplükde ýaşaýan Jeuta we Melilla şäherlerinde birnäçe ýyl ozal alynan oraza we gurban baýramlarynda musulmanlaryň bir gün resmi dynç alyş hukugyny Ispaniýanyň beýleki şäherlerinde ýaşaýan musulmanlar üçin hem isleýändiklerini beýan etdi.