
Ispaniýanyň Wilýarroýa munisipalitetinde (Rioha awtonom jemagaty) ýerli saýlawçylar ses bermekde rekord goýdular. Möhletinden öň bu ýerde saýlawçylar bary-ýogy 26 sekuntda ses berdiler diýip, MIR 24 ýazýar.
Munuň sebäbi munisipalitetde ýedi sany saýlawçy hasaba alnandyr. Olar 28-nji maýda geçen möhletinden öňki saýlawlarda 29 sekuntda ses berip ýetişdiler, indi bolsa, olar mundan hem 3 sekunt az wagtda ses berdiler diýip, El Mundo gazeti habar berdi.
Ispaniýada 23-nji iýulda Baş korteslere (iki palataly parlament) saýlawlarda ses berlişik başlandy. Möhletinden öňki ählumumy saýlawlary ýurduň Premýer-ministri Pedro Sançes belledi, ol mundan öň parlamenti dargatdy.