Ispaniýada saýlaw: köplügi alan partiýa bolmady

23-nji iýulda Ispaniýada möhletinden öň geçirilen ählumumy saýlawlarda Konserwatiw Halk partiýasy öňdeligi eýeledi. Bu barada Patyşalygyň hökümeti habar berdi.

Öňdebaryjy syýasy güýç hasaplanýan sagçy Halk partiýasy 350 orunlyk Deputatlar kongresinde (parlamentiň aşaky palatasy) 136 orna eýe boldy.Ondan soň Premýer-ministr Pedro Sançesiň Ispaniýanyň Sosialistik işçiler partiýasy (122 oturgyç), sagçy “Vox” partiýasy (33) we çepçi “Sumar” partiýasy (31) bar. Şeýlelik bilen hökümet gurmak üçin häzirlikçe ýekeje syýasy güýç hem parlamentde absalýut köplüge eýe bolup bilmedi.

Bu ýagdaý saýlawlardan soň Premýer-ministriň dalaşgärligini tassyklamak üçin mümkin bolan goldaw barada gepleşikleriň başlanjakdygyny aňladýar.

Bu saýlawlar ilkibaşda ýylyň ahyryna meýilleşdirilipdi, ýöne maý aýynyň ahyrynda Sançes möhletinden öň ses berişligi geçirmek barada karara gelendigini mälim etdi. Ol özüniň bu ädimini Ispaniýanyň Sosialistik Işçiler Partiýasynyň sebit we şäher saýlawlarynda alan kanagatlanarly netijeleri bilen baglanyşdyrdy.

Ispaniýanyň Hökümet başlygynyň dalaşgärligi Deputatlar kongresi tarapyndan tassyklanýar.Partiýa dalaşgärini päsgelçiliksiz makullatmak üçin 350 orunlyk palatada orunlaryň köpüsine (176) eýe bolmaly. Şunuň ýaly ýagdaý soňky gezek 2011-nji ýylda bolupdy. Şeýlelik bilen, Premýer-ministr wezipesine dalaşgärini tassyklap biljek aç-açan ýeňiji bolmadyk halatynda partiýlar mümkin bolan goldaw üçin beýleki syýasy güýçler bilen gepleşik geçirýärler. Şol bir wagtyň özünde, emele gelen ýagdaý saýlawlaryň netijelerine esaslanýan anyk lideriň peýdasyna bolmazlygy hem mümkin.

Ispaniýanyň Sosialistik Işçiler Partiýasy ýeňiş gazanan halatynda Ministrler Kabinetini düzmek üçin “Sumar” hereketi we beýleki kiçi syýasy güýçler bilen bileleşjekdigi hem aradan aýrylmaýar. Halk partiýasy öz gezeginde, Premýer-ministr wezipesine öz dalaşgärine goldaw almak üçin “Vox” bilen ylalaşyk baglaşmaga synanyşyp biler. Şeýle ýagdaýda aşa sagçylar ilkinji gezek milli hökümetde orun alyp biler.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidenti Beýik Britaniýanyň täze Premýer-ministri Rişi Sunagy gutlady
Merkezi Aziýada ýitip barýan "demokratiýa adasy": Gyrgyzystanda oppozisiýany nähili basyp ýatyrýarlar?
Gurbanguly Berdimuhamedow Şawkat Mirziýoýewi Prezident saýlawlarynda gazanan ýeňşi bilen gutlady
Serdar Berdimuhamedow Şawkat Mirziýoýewi Prezident saýlawyndaky ynamly ýeňşi bilen gutlady
Erdogan: "Türkiye Palestinanyň halky bilen doly raýdaşlyk içindedir" diýdi
Dalaşgär hökmünde bellige alyndy