Ispaniýada Adatdan Daşary Ýagdaý Yglan Edildi

Ispaniýada Adatdan Daşary Ýagdaý Yglan Edildi

Adatdan daşary ýagdaý düzgüniniň çäginde oba hojalygynda peýdalanylýan suwuň 80, senagatda peýdalanylýan suwuň bolsa 25 göterim azaldyljakdygy, basseýnleriň doldurylmagy, bag-bakjalaryň we seýilgähleriň suwarylmağy gadagan ediler.

Kataloniýanyň Suw edarasynyň Direktory Samuel Reýes adatdan daşary ýagdaý düzgüniniň çäginde getirilen çäklendirmeleriň ekerançylyk we senagat pudagynda peýdalanylýan suwa degişlidigini, agyz suwuna täsiriniň bolmajakdygyny aýtdy.

Suw edarasyndan berilen beýannamada Kataloniýada jemi ilaty 26 müňe ýetýän 24 şäherçäni öz içine alýan çäklendirmeleriň geljek hepde güýje girjekdigi mälim edildi.

Çäklendirmeleriň giriziljek şäherçelerinde adam başyna düşýän suwuň mukdary günlük 230 litrden 200 litre düşüriler.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistan we Singapur köp ugurly hyzmatdaşlygy pugtalandyrýar
BSGG Türkiýede we Siriýada 3-nji Dereje Gyssagly Ýagdaý Yglan Etdi
Hepdäniň Syny
Möwsümiň ahyrynda “Barselonadan” ýedi oýunçy gider
Şwesiýaly biatlonçylar Dünýä çempionatynyň Çehiýadaky tapgyrynda singl-miksde ýeňiji boldular
Bäsdeşlerinden ozdurar