
Ispaniýanyň Daşary işler ministri Hoze Manuel Albares, ýurdunyň 7-nji oktýabrdan bäri Ysraýyla ýarag satuwyny bes edendigini nygtap, “Häzirki şertlerde Ysraýyla ýarag satmarys” diýdi.
Albares, Nýu-Ýorkda BMG-nyň merkezi binasynda metbugata beýannama berdi.
Ysraýyla ýarag embargosynyň goýlup goýulmajakdygy hakyndaky soraga jogap beren Albares, Ysraýyla 7-nji oktýabrdan bäri ýarag satuwynyň bes edilendigini nygtady.
Ysraýyla ýarag embargosynyň goýlandygyny aýdan Albares “Häzirki şertlerde Ysraýyla ýarag satmarys”diýip belledi.
Ispaniýanyň BMG-nyň Ýakyn Gündogardaky palestinaly bosgunlara ýardam gullugyna 3,5 million ýewrolyk pul kömegini berjekdigini aýdan Albares, şol mukdarynyň gysga wagtda artdyrylmagynyň üstünde işleýändiklerini ýatlatdy.