Ispaniýa Ýewropanyň ýeňlişsiz ýeňijisi

Futbol boýunça 17-nji Ýewropa çempionaty Ispaniýanyň ýygyndysynyň çempionlygy bilen tamamlandy.Germaniýanyň paýtagty Berlindäki “Olympiastadion”-da oýnalan finalda Ispaniýanyň ýygyndysy bilen Angliýanyň ýygyndysy duşuşdy. Çekeleşikli we dartgynly, gyzykly geçen oýnuň 1-nji ýarymynda bellärlikli howply pursat bolmady we golsuz tamamlandy. Ýöne 2-nji ýaryma ispanlar gol bilen başlady. 47-nji minutda Lamin Ýamalyň pasyndan soň owadan urgy bilen Niko Williams hasaby açdy.

Iňlisler bu gola 73-nji minutda jogap berdi.Oýna soň giren Koul Palmer Jud Bellingamyň pasynda topy ýerden, takyk urgy bilen derwezä girizdi. Şondan soň Moratanyň ornuna Oýarzabaly oýna girizen De La Fuenta bu çalşygyň miwesini çempionlyk bilen aldy.

Duşuşygyň 86-njy minutynda Kukurelýanyň beren pasynda topy derwezä girizen Oýarzabal ispanlara çempionlyk gazandyran oýunçy boldy.Duşuşygyň soňky minutlarynda ilki Unaý Simon, soňra Dani Olmo ispanlary goldan halas etdi.

Duşuşyk 2-1 hasabynda Ispaniýanyň ýygyndysynyň peýdasyna tamamlandy. Şunlukda, Ispaniýanyň ýygyndysy 4-nji gezek Ýewropanyň çempiony bolup (1964, 2008, 2012, 2024), bu ugurda rekord goýdy.

Ispaniýanyň ýygyndysy Ýewropada ýeňlişsiz çempionlyk gazanan ilkinji topar hökmünde hasaba alyndy.

Angliýanyň ýygyndysy Ýewropa çempionatynda yzly yzyna 2 finalda utulan ilkinji topar boldy. Başgaça aýdylanda, futbol ýene-de watanyna dolanmady.

Finaldan 1 gün 17 ýaşyny dolduran Ýamal uly ýaryşlarda finalda oýnan in ýaş futbolçy boldy.

Ýamal finalda asist eden iň ýaş futbolçy boldy.

Ýamal çempionatyň iň ökde ýaş futbolçysy diýlip saýlandy.

Ispaniýaly Rodri çempionatyň iň ökde oýunçy baýragyna mynasyp boldy.

Ýene degişli makalalar

Ispaniýanyň futbol ýygyndysy Ýewropanyň çempiony boldy
Sportuň taryhynda şu gün 10-njy sentýabr
Soňky minutda ýeňşini baýram eden Angliýa yzly-yzyna 2-nji gezek finalda
Çapyksuwar zenan barada täze film
Geçen ýylyň iň köp girdeji gazanan türgenleri