Ispaniýa welosport ýaryşynda çempion üýtgemedi

Abraýy boýunça “Tour de France” we “Giro d’Italia” ýaryşlaryndan soň 3-nji orundan “Vuelta a Espana” welosport ýol bäsleşigi tamamlandy.Adatça 21 tapgyr geçirilýän ýaryş bu ýyl 18 tapgyrda tamamlandy. 18 tapgyry, has takygy 2892,6 kilometr aralygy 72 sagat 46 minut 12 sekuntda tamamlan “JumboVisma” toparynyň sloweniýaly türgeni Primož Rogliç Ispaniýa “Gran Turda” bassyr 2-nji gezek çempionlyk gazandy. 31 ýaşly welosportçy geçen ýylda-da ýeňiji bolupdy.

Pirimož 1-5-nji tapgyrlarda umumy sanawda 1-nji orunda barýardy. 6-9-njy tapgyrlarda birinjiligi Riçard Karapaza aldyran Rogliç 10-11-nji tapgyrda täzeden öňe saýlandy. Ýöne 12-nji tapgyrda ýene-de 2-nji orna düşen Rogliç 13-nji tapgyrdan soň, gülgüne köýnekçäni egnine geçirip, soňuna çenli-de birinjiligi saklamagy başardy.

Umumy sanawda Rogliçden 24 sekunt soň pellehanadan geçen ekwadorly (“Ineos Grenadiers”) Riçard Karapaz 2-nji ýeri eýeledi. “EF Pro Cycling” toparynyň britan türgeni Hýu Karti 3-nji orna mynasyp boldy.

Şeýle-de utuk sanawynda-da umumy sanawyň ýeňijisi Primož Rogliç 1-nji ýeri eýeledi. Daglyk tapgyrlarynyň ýeňijisi “Cofidis” toparynyň fransiýaly Giýom Marten, ýaşlaryň arasynda-da “Movistar” toparynyň ispan türgeni Enrik Mas ýeňiş gazandy. Toparlaryň arasynda “Movistar” 1-nji, “JumboVisma” 2-nji , “Astana” topary-da 3-nji ýeri eýeledi.

The post Ispaniýa welosport ýaryşynda çempion üýtgemedi appeared first on Zaman Türkmenistan.

Ýene degişli makalalar

Sloweniýaly türgeniň “Tour de France” ýaryşyndaky taryhy ýeňşi
Niderlandly welosipedçi wan Wlýoten we sloweniýaly Rogliç bölüşik ýaryşlarda ýeňiji boldular
Ilkinji sloweniýaly türgen
“Žiro d’Italianyň” TÄZE ýeňijisi
“Tur de Frans” yň ýeňijisi Geraýnt Tomas
Taryhy üstünlige ýetip biler