
Ispaniýanyň we Italiýanyň milli ýygyndylary Ýewropanyň futbol çempionatyna ýeňiş bilen girişdiler.
Italiýa ilkinji duşuşykda Albaniýadan 2:1 hasabynda üstün çykdy. Ispaniýa bolsa tutuş ýaryşyň iň güýçli ýygyndylarynyň biri hasaplanylýan Horwatiýany 3:0 hasabynda ýeňdi.
Häzirki wagtda B toparçada Ispaniýa bilen Italiýada 3 utuk bar. Ikinji tapgyrda bu iki ýygyndy 20-nji iýun güni biri-biri bilen duşuşar. 19-njy iýunda bolsa Horwatiýa Albaniýa bilen güýç synanyşar.