Madrid Ispaniýanyň Türkmenistandaky täze ilçisini belledi. Bu wezipä Markos Gomes Martines bellenildi. Ondan öň, Martines Ispaniýanyň Kolumbiýadaky riplomatik wekilhanasyna ýolbaşçylyk edýärdi.
Gomes Martines Komplutense Madrid uniwersitetiniň hukukçy diplomyna eýe. Mundan öň ol Ýewropanyň konsul işleriniň baş müdirliklerinde dürli wezipeler işledi, Londonda konsulyň orunbasary we Kantonda (Hytaý) baş konsul, şeýle hem Täze Zelandiýada, Fidjide, Tongada, Samoada we Kuka adalarynda ilçi bolup işledi. Ispaniýanyň Aşgabatdaky (rezidensiýasy Moskwada) ilçisi Fernando Walderrama Pareha bu wezipä 2019-njy ýylyň martynda bellenildi.