Ispan kenarlaryndan tapylan gämi

Arheologlar Ispaniýanyň Balear adasyna degişli bolan Kabrera adasynyň kenarlaryndan Rim imperiýasy döwründäki gämini ýüze çykardylar.Olaryň aýtmagyna görä, 70 metr çuňlukda ýerleşen 20 metrlik gämiden köp sanly juda oňat saklanan küýze görnüşli gap-gaçlar ýüze çykaryldy. Bize mälim bolşuna görä, ilkinji gezek ispan kenarlaryndan gämi tapylyp, ol batan gününden bäri abat saklanyp galypdyr diýip, arheologik ekspedisiýa gatnaşyjylaryň birisi Hawer Rodriges mälim edýär.

Ummanyň düýbünde gadymy gäminiň bolaýmagynyň mümkinligi barada ilkinji bolup, ýerli balykçylar habar berip, olaryň toruna küýze görnüşli gap-gaçlaryň bir parçasy düşen eken.Geçen ýylyň aprel aýynda alymlar ol ýere iki sany robot goýberip, ol ýerdäki gämini surata düşürdiler.

Netijede, 15 metr galyňlykdaky çägäniň aşagynda dürli ölçegdäki küýzeleriň bardygy anyklanyldy.Oktýabr aýynda iki sany tejribeli guwwas gämini öwrenmek maksady bilen, birnäçe gezek ol ýere baryp, müňlerçe surat aldylar.Arheologlaryň biziň eýýamymyzyň III ýa-da IV asyrlaryna degişli hasaplaýan bu gämisinde iki müňe golaý gap-gaç bolup, olaryň iň ulusynyň diametri 1 metre barabar. Şol döwürde şunuň ýaly gap-gaçlar Demirgazyk Afrikada, kiçi ölçegdäkileri bolsa, Portugaliýanyň günortasynda ýasalýan eken.

Söwda gämisiniň Günorta Afrikadan, Ispaniýa, Fransiýanyň günortasyna we hatda Rim aralygyna çenli gatnanlygy çak edilýär.Arheologlar onuň bilen gadymy rim aşhanasy üçin niýetlenen garumy balyk hurşuny daşapdyrlar.Balear adasy ýoluň ýarysy bolup, howanyň bulaşan wagtlary deňizçiler üçin iň gowy düşelge ýeri bolup hyzmat edipdir.

Arheologlar olaryň haýsydyr bir ýaramaz howa ýagdaýy sebäpli porta ýetip bilmändiklerini we heläkçilige uçrandyklaryny çak edýärler.

Ýene degişli makalalar

Sanawyň lideri üýtgedi, “Ýunaýted” uly hasap bilen ýeňildi
Gold Palace dükanyndaky Pomellato: özboluşlylygyň öwüşgini
Time žurnaly iň abraýly 100 kompaniýany belledi
Meriç Sümen
Ýolaman Hummaýew — türkmen operasynyň düýbüni tutujy
Türkmenistanda mejbury ýygym dowam edýär; telekeçi ABŞ-dan türkmen pagtasyny özüniň gadaganlyk sanawyndan çykarmagy sorady