Özbegistanyň Oliý Mažlisiniň Senaty ýurduň Prezidenti tarapyndan hödürlenen Timur Işmetowy Respublikanyň Merkezi bankynyň dolandyryjylar geňeşiniň başlygy wezipesine makullady. Bu barada Özbegistanyň habar beriş serişdeleri ýazýar.
Işmetow mundan öň Prezidentiň ykdysadyýetiň pudaklaryny ösdürmek, maýa goýum we daşary söwda syýasaty boýunça geňeşçisiniň orunbasary bolup işleýärdi.
Merkezi banka 2017-nji ýyldan bäri ýolbaşçylyk edip gelen Mamarizo Nurmuratow indi baş maliýe edarasynda başlygyň geňeşçisi wezipesini ýerine ýetirer.