Islandiýanyň jemgyýetçiligi indi Respublikanyň ýolbaşçysy Halla Tomasdottiriň adamsyna kim diýip, ýüzlenmelidigi barada pikirlenýärler diýip, MIR 24 ýazýar.
Täze zenan Prezidentden öň iň ýokary döwlet wezipesini diňe bir zenan Wigdis Finnbogadottir (1980 1996) eýeläpdi. Emma ol Prezident saýlananda, adamsyndan aýrylyşypdy, şonuň üçin onuň ýanýoldaşyna resmi ýüzlenmek zerurlygy bolmandy.
Erkek Prezidentleriň aýaly üçin ulanylýan birinji hanym derejesini täze Island Prezidentiniň ýanýoldaşyna ulanyp boljak däl. Ýerli RUV teleýaýlymy şonuň üçin teklip edilýän nusgalar boýunça bäsleşik yglan etdi we köçede adamlaryň pikirini sorap başlady. Şeýle hem bu ugurda neýroulgama ýüz tutdy. Emma heniz hiç hili kabul ederlikli teklip tapmak başartmady.
2-nji iýunda telekeçi Halla Tomasdottir Islandiýada geçen Prezident saýlawlarynda ýeňiş gazandy.