Islandiýanyň Meteorologiýa ofisi tarapyndan berilen maglumata görä, Reýkýanes ýarymadasyndaky wulkan partlamasy, Grindawik şäherçesiniň ýanynda boldy.
Ýerli wagt bilen sagat 22:00-da bolan partlamanyň wideosy sebitdäki kameralar tarapyndan alyndy.
Islandiýanyň Raýat goranyş we Adatdan daşary ýagdaýlar dolanşygy edarasynyň resmilerinden Widir Reýnisson, ýurtda ýaýlyma berilýän RUV telewideniýe kanalyna beren beýanatynda, wakanyň sebit üçin uly bir partlama häsýetindedigini beýan etdi.
Islandiýada yzly-yzyna bolan ýer titremelerden soň wulkanyň partlama ähtimallygyna garşy 11-nji noýabrda adatdan daşary ýagdaý yglan edilipdi.
Resmiler ýurduň günorta-günbataryndaky Grindawik şäherçesinde öňüni alyş çäreleriň çäginde adamlaryň ewakuasiýa edilmegi barada karara gelipdi.