Garyşyk stiliň russiýaly söweşijisi Islam Mahaçew Absolýut söweş çempionatynyň ýeňil agramda guşak üçin titul söweşinde braziliýaly Çarlz Oliweýrany ýeňdi.
Abu-Dabide geçirilen UFC 280 turniriniň esasy söweşinde Mahaçew ikinji raundda demikdiriji usul bilen möhletinden ir ýeňiş gazandy.Diwizionyň öňki çempiony maý aýynda amerikaly Jastin Getji bilen söweşiň öňüsyrasynda agram çekişlikden soň guşagyny ýitiren Oliweýrady.
Mahaçew bassyr 11-nji ýeňşini gazanyp, braziliýalynyň şeýle möçberli ýeňiş tapgyrynyň arasyny böldi.Russiýaly söweşiji 31 ýaşynda bolup, onuň hasabynda professional MMA-da 23 ýeňiş we bir ýeňliş bar.
Türgen 2018-nji ýyldan 2020-nji ýyl aralygynda ýeňil agramda UFC-niň çempion titulyna eýe bolan Habib Nurmagomedowyň dosty we sparring-hyzmatdaşydyr.Oliweýra 33 ýaşynda, ol 33 gezek ýeňiş gazanyp, dokuz gezek ýeňlişe sezewar boldy.