Dünýäniň iň uly sarkofaglaryndan birinin Stambulyň Arheologiýa muzeýinde ýerleşýändigini bilýäňizmi?
1887-nji ýylda Liwanyň Saýda şäherinde tapylan we Stambula getirilen Iskenderiň sarkofagy, 25 tonna barabar agramy bilen dünýäniň iň uly sarkofaglaryndan biridir.
Iskenderiň sarkofagy ilkinji türk arheology we türk muzeýçiliginiň öňbaşçylaryndan Osman Hamdi Beý tarapyndan Saýdada tapylýar.Osman Hamdi Beý, 1887-nji ýylda Saýdada geçiren gazuw-agtaryş işlerinde şa gubyryny tapýar. Şol gubyrda 22 sany şa sarkofagy ýüze çykarylýar.
Saýdanyň şalaryna degişli birnäçe sarkofagyň ýerasty gonamçylygyna gömülen ýagdaýda tapylmagy, halkara derejede seslenme döredýär we habar Ýewropanyň hem-de Amerikanyň žurnallarynda çap edilýär.Ol ýerde tapylan esasy sarkofaglar Stambula getirilýär.
Aralarynda tapylan Iskender Zülkernaýnyň sarkofagy bolsa arheologiýa dünýäsiniň naýbaşylaryndan hasap edilýär.Sarkofag, ýokary güberçek usuly, boýagy we deňsiz bezegleri bilen Stambulyň Arheologiýa muzeýiniň esasy eserlerinden biridir.
Saýdanyň Şasy Abdalonymosa degişlidigi çaklanylýan sarkofag, b.e.ozalky 4-nji asyra degişli. Sarkofagyň ýokary ýüzünde Makedon Şasy Iskenderiň persler bilen eden söweşini suratlandyrýan relýefler bar. Sarkofagyň beýleki tarapynda bolsa dostlukly aw sahnasy suratlandyrylýar. Dizaýny gadymy grek ybdathanalaryny ýada salýan sarkofag, Gresiýanyň meşhur pentelikon mermerinden ýasalypdyr. Üsti ajaýyp güberçekler bilen bezelip, renklendirilen sarkofagyň kim tarapyndan ýasalandygy bilinmeýär.
1999-njy ýylda Iskender Zülkernaýnyň sarkofagynyň asyl nusgasyndan 5 göterim kiçi bolan göçürmesi Ýaponiýanyň Kaşiýazaki şäherçesindäki türk obasynda sergilenmek üçin Türkiýede öndürilip, Ýaponiýa ugradyldy. Sarkofagyň asyl nusgasyndan bäş göterim kiçi bolan beýleki bir nusgasy bolsa 2014-nji ýylda Skopiýada açylan Makedoniýanyň Milli arheologiýa muzeýinde sergilenýär.