Işiba Şigeru Gaýtadan Ýaponiýanyň Premýer-ministrligine Saýlandy

Işiba Şigeru Gaýtadan Ýaponiýanyň Premýer-ministrligine Saýlandy

Ýaponiýada Liberal demokrat partiýanyň lideri Işiba Şigeru mejlisde geçirlen saýlawda gaýtadan saýlandy.

Ýaponiýada 27-nji oktýabrda geçirlen irki saýlawdan soň milli mejlisde premýer-ministrlik saýlawy geçirildi.

Saýlawyň öňüsyrasynda Liberal demokrat partiýanyň lideri we Premýer-ministr Işibanyň ýolbaşçylygyndaky hökümet ertiriň irki sagatlarynda wezipesidnen çekildi.

Mejlisde geçirlen saýlawyň birinji tapgyrynda dalaşgärler 233-sese eýe bolup bilmedi.

Ikinji tapgyrda Liberal demokrat partiýanyň lideri Işiba bilen oppozisianyň lideri Noda Ýoşihikio bäsleşdi.

Liberal demokrat partiýanyň lideri Işiba Şigeru saýlawda 221 ses bilen Ýaponiýanyň 103-nji premýer-minisrti boldy.

2011-2012-nji ýyllarda Ýaponiýanyň Premýer-ministri wezipesini ýerine ýetiren Noda bolsa 160 ses aldy.

Işibaniň azlyk hökümetini gurmagyna garaşylýar.

Işibanyň ýolbaşçylygynda gurlan täze hökümet, Ýapon Imperatory Naruhito tarapyndan kabul edilenden soň wezipesine girişer.

Ýene degişli makalalar

Işiba Şigeru Ýaponiýanyň Premýer-ministrligine Saýlandy
Işiba Şigeru Ýaponiýanyň Täze Premýer-ministri Boldy
Ýaponiýanyň täze Premýer-ministri
Sigure Isiba Ýaponiýanyň täze Hökümet başlygy boldy
Sigure Isiba Ýaponiýanyň Premýer-ministri wezipesine gaýtadan saýlandy
Ýaponiýada 2024-nji ýylyň nyşany hökmünde altyn iýeroglifi saýlandy