Türkmengaz konsernniň işgärleri, şol sanda konserniň tokaý hojalygy işgärleri uly möçberde azaltjakdygy aýdylýar. Konserniň ýokary wezipeli ýolbşçylary, konserniň ýuristiniň ýolbaşçylygynda Iýunyň ortalarynda işgärleri çagyryp ýygnak geçiripdirler.
Konsern boýunça diňe Aşgabatdan 450-işgär işden boşadylýandygy aýdylypdyr. Şol işgärleriň köpüsi bolsa konserniň tokaý hojalygynyň işgärleri bolup, olaryň köpüsi hem pensiýa ýaşyndaky işgärler diýilýär. Pensionerleri ýurt boýunça hem işden çykarmaly edilipdir. Emma bu ýerde ýolbaşçylaryň özlerni gödek alyp baryşlary barada gürrüň gidiýär.
Ýolbaşçylar Türkmenistan gazyny satyp bilenok, gaz geçenok, ýurt çökdi, size aýlyk bermäge pul ýok, şol sebäpli arzaňyzy ýazyň, Iýulyň 1-den siz işe gelmeli däl diýipdirler. Emma arza ýazan bolmandyr, işgärler güzeran aýlap bilmeýändiklerni, işden çykarylsalar hiç hem eklenip bilmejekdiklerni aýdyp, prokuratura arza ýazypdyrlar.
Öz üstlerinden arza ýazylan ýolbaşçylar has hem gazaplanyp, işgärleri täzeden ýygnaga çagyrypdyrlar.Nirä arzyňyz bolsa ýetiriň, hiç kim sizi diňlemez.Prokuratura hem size kömek edip bilmez, prokuratura biziň üçin hiç zat.
Sentýabryň 1-ne çenli size işlemäge rugsat berýäris, Sentýabrdan ähliňiz boş, iki aýlyk posobiýa töläris, bu size Garaşsyzlyk baýramçylygna sowgat bolar diýip, ýolbaşçylar işgärlere gödek darap goýberipdirler.
Tokaý hojalygynda işleýän ýüzlerçe ýönekeý gara işçiler tokaý hojalygynda agyr şertlerde işleýändiklerni aýdyýarlar.Olar baglary çöp çalamdan arassalaýarlar, guran baglaryň ýerine ýa bolmasa täze açylýan ýerlere bag ekmekde, olary suwarmakda dyzlarny epmän zähmet çekýändiklerni aýdyýarlar.
Iş hemişe başyňdan agdyk.Munça işgäri işden boşadyp, olaryň ýerine ýetirýän işlerini kime etdirjek bolýarlarkan. Ýa şunça ýyllar zähmet çekilen agaçlar özbaşyna taşlanyp, olara siňdirlen zähmet ýele sowrularmykan, ilatyň güzerany hem ýolbaşçylar üçin alada bolmady diýip, işgärler aýdýarlar.
Bagtyýarlyk zamanasy bizi işsiz, çöreksiz goýjak diýip, zeýrenýärler. Iň geň galdyrýan ýagdaý bolsa arza diňlenmeli edaralary hem hasap edilmeýär. Ýurt çökdi diýip açyk aýdyp durlar, telewizorda bolsa üznüksiz öwgüler barýar diýip, işgärler gürrüň berýärler we şu barada maglumat çap edilmegini soraýarlar.