Halkara robot tehnikalar federasiýasy (IFR) soňky ýedi ýylda dünýäniň zawodlarynda robotlaryň ulanylyşynyň iki esse artandygy barada geçirilen barlaglaryň esasynda hasabat çap etdi. Önümçilikde robotlaryň iň köp ulanylýan ýeri bolan ýurtlaryň sanawynda Koreýa Respublikasy birinji orunda durýar, Hytaý bolsa, 2023-nji ýylda bu görkeziji boýunça Germaniýadan we Ýaponiýadan öňe geçdi.
Hasabatda Koreýa Respublikasynyň senagat robotlarynyň iň köp ulanyjysydygy bellenilip, (10 müň işçä derek 1012 robot) bu görkeziji 2018-nji ýyldan bäri her ýyl 5 göterim ýokarlanýar.Ondan soň Singapur gelip, ol ýerde 10 müň işçä derek 770 robot işleýär.
Ilkinji üçlüge Hytaý birigip, ol ýerde 10 müň işçä derek 470 robot işleýär.IFR-iň başlygy Takaýuki Itonyň pikiriçe, robotlaryň köplügi global önümçilikde awtomatlaşdyrmagyň derejesini görkezýär.Hytaýyň awtomatlaşdyryş tehnologiýasyna ummasyz maýa goýmagy, takmynan, 37 million işçi güýjüne garamazdan, şeýle ýokary robot bolçulygyny gazanmaga mümkinçilik berdi diýip, Ito aýtdy. Şeýle hem, robotlaryň mukdarynyň görkezijisiniň dürli ýurtlarda önümçiligiň awtomatlaşdyryş derejesini deňeşdirmäge mümkinçilik berýän möhüm aýratynlykdygyny hem sözüniň üstüne goşdy. 10 müň işçä derek 439 we 419 robot bilen Germaniýa we Ýaponiýa degişlilikde, IFR sanawynda dördünji we bäşinji orny eýeledi.
ABŞ-da 10 müň işgäre 295 robot düşýär, bu IFR sanawynda onunjydyr.Dünýäniň ortaça robot gürlügi 2023-nji ýylda 162 birlige ýetdi.Bu ýedi ýyl mundan öňki görkezijiden iki esse köp bolup, şol döwürde 10 müň işçä derek 74 robot işledilýärdi. /* custom css */ .td_uid_15_674a57b3b1176_rand.td-a-rec-img { text-align: left; } .td_uid_15_674a57b3b1176_rand.td-a-rec-img img { margin: 0 auto 0 0; }