ISA: Ýylyň aýagyna çenli Gün energiýasyna maýa goýumlar 500 milliard dollara ýetip biler

ISA: Ýylyň aýagyna çenli Gün energiýasyna maýa goýumlar 500 milliard dollara ýetip biler

Gün energetikasy pudagyna maýa goýumlaryň umumy möçberi 2024-nji ýylyň aýagynda 500 mlrd dollara ýetip biler, şunda onuň ulanylyşynyň dünýä san görkezijisi 2 terawatta deň bolar. Bu barada Hindistanyň täze we energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmeleri boýunça ministri hem-de International Solar Alliance (ISA) guramasynyň ýolbaşçysy Pralhad Joşi aýtdy.

Ministr Gün energiýasyna maýa goýumlaryň 2018-nji ýylda 144 mlrd, 2023-nji ýylda 393 mlrd dollar bolandygyny hem-de görkezijiniň şu ýylyň aýagyna çenli 500 mlrd dollara ýetip biljekdigini International Solar Alliance (ISA) guramasynyň Nýu-Delide geçýän 7-nji Baş assambleýasynda eden çykyşynda nygtady.

Bu barada rg.ru ýazýar.

Ýene degişli makalalar

Günüň transfer täzelikleri
WSJ: Tesla çykdajylary azaltmak üçin Kaliforniýadaky ofisini ýapar
Dünýäniň iň uly balyklary
“Boeing”-iň ilkinji kosmos gämisi Ýere gaýdyp geldi
“Stad de Fransdaky” 3-nji final, öňki 2 finalda ispanlar çempion boldy
Äpet ekrany satuwa çykardy