ABŞ-nyň IBM tehnologiýa kompaniýasy geljek ýyllarda käbir iş orunlaryny emeli aň bilen çalyşmagy meýilleşdirýär. Kompaniýanyň ýolbaşçysy Arwind Krişna geljekde käbir işleriň emeli aň bilen çalşyljakdygy sebäpli, şol iş orunlaryna täze işgärleriň kabul edilmeginiň bes ediljekdigini aýtdy.
Işe kabul edilmegi bes ediljek orunlaryň, esasan, işgärler bölüminde boljakdygyny aýdan Krişna müşderiler bilen gönüden-göni işleşmeýän bu iş orunlarynda häzirki wagtda 26 müň töweregi işgäriň bardygyny aýtdy.
Krişna käbir iş ugurlarynyň emeli aň we awtomatlaşdyrylyşa geçiljekdigi sebäpli 30 göterim azaljakdygyny aýdyp, munuň 7 müň 800 iş ornuna gabat gelýändigini belledi. Emma işçi güýjüne baha bermek ýaly käbir işleriň geljekki on ýylyň dowamynda üýtgedilip bilinmejekdigi bellenildi.
Leýli SARYÝEWA,
Mary welaýat maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebiniň mugallymy.