Iş Nokady English club formatynda nobatdaky duşuşygy geçirýär

Iş Nokady English club formatynda nobatdaky duşuşygy geçirýär

Iş Nokady koworking-merkezi 16 ýaşdan uly bolan ähli isleg bildirýänleri Friendship at First Sight mowzugynda geçiriljek English club diskussiýa klubuna gatnaşmaga çagyrýar.

Duşuşygyň dowamynda oňa gatnaşýanlaryň ählisi iňlis dilinde gepleşip, özleriniň iňlis dilindäki sözleýiş başarnyklaryny we gepleşige düşünmek ukyplaryny türgenleşdirip, şeýle-de interaktiw oýunlara we diskussiýalara gatnaşyp bilerler.

Çäräniň spikeri hökmünde spiking-klublary guramakda tejribeli guramaçy Nartäç Garaýewa çykyş eder.

Duşuşyk 9-njy iýulda sagat 17:00-da Berkarar işewürlik merkeziniň 1-nji gatynda, Iş Nokady kompaniýasynyň ofisinde geçiriler. Çärä gatnaşmagyň tölegi — 100 manat. Gatnaşmak üçin öňünden şu salgylanma ýa-da (+993 12) 46 81 65 telefon belgisine jaň edip ýazylyp bilersiňiz.

Ýene degişli makalalar

Iş nokady Aşgabadyň ýaşaýjylaryny English club duşuşygyna çagyrýar
Iş Nokady English club duşuşyklarynyň täzeden başlanjakdygyny habar berýär
“Türkmenhowaýollarynyň” ýolagçylary çemodanlarynyň açylmagyndan we bagaždaky çilimleriniň ýitmeginden nägile bolýarlar
76-njy “Altyn globus” baýraklarynyň ýeňijileri
Owganystan TOPH taslamasy boýunça amaly işlere başlaýar
PRESS RELEASE: Seventh Project Steering Committee Meeting EU Education Project