Irlandiýaly ýazyjy edebiýat boýunça Buker baýragyna mynasyp boldy

Irlandiýaly ýazyjy edebiýat boýunça Buker baýragyna mynasyp boldy

Irlandiýaly ýazyjy Pol Linç Pygamberiň aýdymy romany üçin 2023-nji ýylyň edebiýat boýunça Buker baýragyna mynasyp boldy, ol Buker baýragyny alan bäşinji irland ýazyjysydyr diýip, TASS habarlar gullugyna salgylanýan MIR 24 ýazýar.

Roman 46 ýaşly ýazyjynyň bäşinji iri kyssa eseridir, onda Dublinde ýaşaýan Eýliş Stak diýen zenanyň durmuşy barada gürrüň berilýär. Onuň adamsyny gizlin polisiýa garşylyk çykyşlaryna gatnaşandygy üçin tussag edýär, dört çaganyň enesi ýanýoldaşyny halas etmek üçin göreşýär.

Buker baýragy iňlis edebiýaty boýunça dünýäde iň abraýly baýraklaryň biridir.

Ýene degişli makalalar

Buker baýragynyň uzyn sanawy mälim edildi
Han Gan edebiýat boýunça Nobel baýragyna mynasyp boldy
Buker baýragynyň eýesi mälim edildi
Buker baýragynyň uzyn sanawy mälim edildi
“Buker”-iň uzyn sanawy yglan edildi
“Buker” baýragynyň eýesi belli boldy