17-nji martda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilenine 13 ýyl doldy.Bu möhlet taryh üçin juda ujypsyz bolsa-da, milli Liderimiziň taýsyz tagallalarynyň netijesinde ýurdumyzda hususyýetçilik pudagy asyrlara barabar rowaç ýoly geçdi.
Muny şanly sene mynasybetli 17 ― 19-njy mart günlerinde paýtagtymyzdaky Söwda-senagat edarasynda guralan sergi hem aýdyň görkezdi.Oňa öz işlerini Lebap welaýatynyň çäklerinde alyp barýan hususy taraplar hem işjeň gatnaşdylar.
Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň welaýat bölüminden bize berlen maglumata görä, paýtagtymyzda geçirilen köpugurly sergä bu bölüme degişli hususy taraplaryň sekizisi gatnaşdy. Olaryň sergi diwarlyklary bu çärä gatnaşyjylaryň uly gyzyklanmasyna eýe boldy.
Türkmen ýyldyzy hususy kärhanasy ýurdumyzyň telekeçileriniň gazananlaryna bagyşlanylan sergä öndürýän elektrik paýlaýjy enjamlary bilen gatnaşdy. Önümçilik kärhanasy Çärjew etrabynyň çäginde ýerleşýän hususy kärhana eýýäm birnäçe ýyldan bäri bu sergä gatnaşyp gelýär.
2009-njy ýylda esaslandyrylan hususy kärhana önümçilige täze önümleri hem yzygiderli goşup gelýär. Şolaryň hatarynda izolýasiýaly we izolirlenmedik alýumin simleri we kabelleri hem bar.Bu hususy kärhananyň hünärmenleri tarapyndan elektrik togy bilen gurnama işleri, transformatorlaryň, elektrik energiýasyny paýlaýjy we gözegçilik enjamlarynyň synag işleri, elektrik hereketlendirijileriň, generatorlaryň we transformatorlaryň abatlaýyş işleri hem hödürlenilýär.
Kärhanada ýylda 8 müň sany elektrik şkaflaryny öndürýän kuwwatly zawody gurmak boýunça hem işler alnyp barylýar.Türkmen ýyldyzy hususy kärhanasynyň sergi bölümi 18 inedördül metr meýdanda ýaýbaňlandyryldy.
Öndürýän gurluşyk serişdeleri bilen daşary ýurtlarda hem meşhur Mizemez gadam hususy kärhanasy hem bu serginiň tejribeli wekilleriniň biri. 9 inedördül metr meýdanda bitum we izogan önümleriniň täze görnüşlerini hödürlän hususy kärhananyň bölümine bu ýyl hem gyzyklanma uly boldy.
Mg-tm.com salgyly resmi Internet saýtyny hem döreden hususy kärhananyň bitum emulýasiýasynyň önümçiligini täzelikde ýola goýandygyny habar beripdik.Munuň üçin çig mal Türkmenbaşynyň nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumyndan we Türkmendaşlary döwlet kärhanasyndan alynýar.
Mizemez gadam önümlerini Özbegistan, Täjigistan, Türkiýe ýaly döwletlere eksport edýär.
Paýtagtymyzdaky sergide telekeçi Alym Joraýewiň ýolbaşçylygyndaky hususy kärhana hem öndürýän süýt we çipsi önümlerini hödürledi. Önümçiligini Saýat etrabynda alyp barýan bu hususy kärhananyň Her gün haryt nyşanly önümleri eýýäm birnäçe ýyldan bäri ýurdumyzda meşhurdyr. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk baýramy mynasybetli täze önümçilikleri hem ýola goýan kärhana olaryň ilkinji nusgalaryny şu sergide hödürledi.
Iri gözden geçirilişde welaýatymyza Kökçi hojalyk jemgyýeti hem wekilçilik etdi. Türkmenabadyň S.A.Nyýazow adyndaky himiýa zawody bilen hyzmatdaşlykda akkumulýatorlaryň önümçiligi bilen meşgullanýan Kökçi dünýä bazaryndaky ornuny hem barha giňeldýär. Uzakwagtlaýyn kepillikli we ýokary hilli akkumulýatorlar, esasan hem, goňşy döwletlerde meşhurdyr. Kökçi hojalyk jemgyýeti paýtagtymyzdaky sergide önümleriniň täze görnüşlerini hödürledi.
Eger önümçilik kärhanasy Kerki etrabynda ýerleşýän Ýakyn dost hojalyk jemgyýetiniň Garaja haryt nyşanly miwe şerbetlerini içip gören bolsaňyz, tagamy agzyňyzdan giden däldir.Garajanyň täze tagamlaryny paýtagtymyzdaky sergä gatnaşyjylar hem dadyp gördüler.
Sap tebigy önümlerden taýýarlanylan şerbetler 3 gektar meýdanda ýerleşýän kärhanada taýýarlanylyp, ýurdumyzyň çar künjegine ugradylýar.Lezzetiň dermandyr jana!diýlen şygar bilen işleýän Ýakyn dost hojalyk jemgyýeti önümlerini Garajam.com salgyly Internet saýtynda hem hödürleýär.
Döwletli döwran hojalyk jemgyýetine bu iri sergide 30 inedördül metr meýdan bölünip berildi.Döwrebap keramiki-bezeg kerpiçlerini öndürýän kärhana geçen ýylyň dekabr aýynda açylyp, öz alyp barýan iş ugry boýunça Merkezi Aziýadaky iň iri merkezleriň biridir. Şonuň üçin hem Döwletli döwranyň önümleriniň hyrydary dessine köpeldi. Şu gezekki sergide hem hususy gurluşyk kärhanalarynyň köpsanlysy Halaçda öndürilýän keramiki we bezeg kerpiçlerine uly isleg bildirdi.
Kanagatly nesil hususy kärhanasy bolsa bu köpugurly sergä pawlowniýa agajy, göýül ösümligi we kiçi mebel önümleri bilen gatnaşdy.Bu iri sergä ilkinji gezek gatnaşýan hususy kärhananyň hödürlän täsin ösümligi 20 metr belentlige çenli ösüp bilýär.
Onuň Türkmenistanyň toprak we howa şertlerine çalt uýgunlaşmagy bolsa ikinji bir aýratynlygydyr.Häzir ýurdumyza bu agajyň 1 million nahalyny satyn almak barada gepleşikler geçirilýär. Şunça mukdaryň 150 müň düýbi paýtagtymyzyň dürli ýerlerinde oturtmak üçin niýetlenilse, galany ösdürilip, mebel önümçiliginde ulanylar.
Önümçilige mundan bir ýyla golaý ozal girişen kerkili telekeçi Arslan Möwlamow bolsa sergide Ýelken haryt nyşanly aýakgaplaryny hödürledi. Astanababa şäherçesinde ýerleşýän hususy kärhanada her gün 50 jübüte çenli ýokary hilli aýakgap öndürilýär. 100 göterim deriden taýýarlanylan aýakgaplar elde tikilýär, bu olaryň esasy aýratynlygydyr.
Hemişe bolşy ýaly, ýurdumyzyň hususy ulgamynyň bu gezekki sergisi hem oňyn netijelere baý boldy. Ol hususyýetçiler üçin tejribe meýdançasy bolup hem hyzmat etdi.
Agageldi ITALMAZOW,
ýörite habarçymyz.
https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/23779