Wagtly-wagtynda şahsy arassaçylyk kadalaryny berjaý etmek saglyk üçin möhüm şertleriň biridir.Adamlaryň aglaba bölegi her gün suwa düşmegiň tarapdary bolsa, köpler hepde-de bir ýa-da iki gezek ýuwunmagy makul bilýärler.
Köpleriň aňynda bolsa agşam ýatmazdan öňmi ýa-da irden turup suwa düşmelimi diýen sorag ýüze çykýar.Howa şertine we saglyk ýagdaýyna baglylykda suwa düşmegiň wagtyny meýilleşdirip bolar.Geliň, irden ýa-da agşam suwa düşmegiň oňaýly we zyýanly taraplary bilen tanyş bolalyň!
Irden suwa düşmegiň oňaýly taraplary:
Günüň şowly başlanmagyna ýardam edýändigi üçin köpler irden hammama girmegi dogry hasaplaýarlar. Ertirki duş bedenden bölünip çykan artykmaç maddalary we bakteriýalary aýyrmaga ýardam edýär. Irden suwa düşmek, esasan hem, tomus günlerinde bedeniňe rahatlyk berýär. Ýuwunmagy mylaýym suw bilen başlap sowuk suw bilen gutarmak adamyň işjeňligine we nerw ulgamynyň durnukly bolmagyna oňaýly täsir edýär.
Agşam hammama girmegiň oňaýly taraplary:
Irden suwa düşmegiň bedeni güýçlendiriji täsiriniň bolşy ýaly, agşam ýuwunmagyň hem köşeşdiriji täsiri bar. Agşam ýyly suwa ýuwunmaly. Ýyly suw bedeni rahatlandyryp, rahat uklamaga taýýarlaýar. Agşam suwa düşmek irden ýuwunmakdan has gowy bolup, derini bakteriýalardan we ýagly galyndylardan arassalamaga, günüň ýadawlygyny aýyrmaga, myşsalary gowşatmaga we rahat uklamak üçin bedeniň gyzgynlygyny deňleşdirmäge mümkinçilik berýär.
Oňaýsyz taraplary:
Howanyň sowuk günlerinde irden suwa düşmek saglyk üçin zyýanly hasaplanýar.Sebäbi çygly bedeniň, esasan hem, saçyň doly guramagy üçin birnäçe sagat wagt gerek.Saç guradyjy enjam ulanylan ýagdaýynda hem saçyň doly guramaýandygy unudylmaly däldir. Şol sebäpli irden ýuwnup daş çykmak sowuklama, dümewleme we kellagyry ýaly alamatlary döredip biler. Şeýle hem uzakly günüň dowamynda deriden bölünip çykýan der ýa-da ýag gatlaklaryny gijesine däl-de, irden ýuwnup aýyrmak ýalňyş usul hasaplanýar.
Agşam hammama girip, doly guramazdan bada-bat uklamak hem saglyk üçin zyýanlydyr.Esasan hem, zenan maşgalalaryň saçyny ýuwup, doly guratmazdan süpürgiç orap ýatmagy kelledäki öýjükleriň sowuklamasyna we zaýalanmagyna getirýär.
Saçyň düýbündäki öýjüklere zeper ýetmegi bilen ýiti kellagyry, saçyň düşmegi ýaly alamatlar ýüze çykýar. Şol sebäpli, agşam suwa gireniňden soň saçyňy doly guratmaga üns bermeli. Çygly saç bilen uklamakdan saklanmaly.
Esasan hem, gyş paslynda hammama girilenden soň, bedendäki çygy doly aýryp, pejiň başynda biraz oturyp, gyzgyn çaý içmeli.
Umuman, irden ýa-da agşam ýuwunmak saglyk ýagdaýyna we möwsüme görä üýtgeýär. Ýöne haçan ýuwnulanda hem bedeniň doly guramagyny, ýel öwüsýän ýere çykmazlygy we sowuk ýere girmezligi üpjün etmeli.