Ir gunçalan daragt

Ýaponiýanyň meteorologiýa gullugy Tokioda sakura agajynyň has ir güllemesiniň hasaba alnandygy barada habar berdi.Sakuranyň güllemegi, ýurduň paýtagtyndaky Ýasukunu ybadathanasynda ýerleşýän “gözegçilik” agajynda 5 gunça peýda bolandan soň, mälim edildi.

Her ýyl bu döwürde, Ýaponiýanyň meteorologiýa edarasynyň hünärmenleri günde birnäçe gezek bu agajyň ýanyna gelip, açylan gunçalary sanaýarlar.14-nji martda Tokioda howanyň sowap, gar sepeländigine garamazdan, gunçalar açylyp, sakuranyň güllemegi resmi taýdan yglan edildi.

Sakuranyň gunçalamagy geçen ýyldakydan 7 gün, ortaça ýyl hasabyndan bolsa, 12 gün irdir.Sakura gülüniň ilkinji bäş gunçasy 2002-nji we 2013-nji ýyllarda 16-njy martda açylyp, bu ýyl rekord derejede öňe geçdi. 1953-nji ýyldan bäri şeýle sanaw dowam etdirilýär.

Adatça, bu döwürde seýilgählerde dostlar, kärdeşler we maşgalalar wagtlaryny şadyýan geçirmek üçin, gülleýän agaçlaryň aşagyna ýygnanýarlar.Sakuranyň gunçalaýan döwri täsin agaçlary bilen tanalýan seýilgählere gezelençleriň wagty hasaplanýar.Sakura agşam çagy tomaşa etmek has-da lezzetli. Çünki, seýilgähler gülgüne reňkli bu agaçlary has-da gözelleşdirýän yşyklandyryş ulgamy bilen abzallaşdyrylýar.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanly okuwçylar Tokiodaky okuw maksatnamasyna gatnaşdylar
Ýaponiýada sakura gülledi
Dünýädäki iň gadymy baýramçylyklar
Ýaponiýada sakura gülledi
Olimpiýa alawy tutaşdyryldy
Ýaponiýanyň Sakuradzima wulkanynda partlama boldy