iPhone üçin wiruslardan we bakteriýalardan saplanmaga ukyply çehol çykaryldy

iPhone üçin wiruslardan we bakteriýalardan saplanmaga ukyply çehol çykaryldy

Indiogogo portalynda täze kraudfanding taslamasy — iPhone üçin Titan atly öz-özüni arassalaýan daşlyk (çehol) peýda boldy. Ony işläp taýýarlamak bilen Ster Foton Innovation kompaniýasy meşgullanýar.

Günüň göni düşýän şöhleleriniň astynda daşlygyň edilen materialy fotokatalitiki prosessi herekete getirýär.Bu daşlygyň ýüzünde mikroblaryň ýaşamaga ukyplylygyny peseltmek bilen, smartfonyň eýesini dürli kesellerden goraýar.Mundan hem başga, daşlyk gaçanda gurluşy zyýan ýetmekden gorar derejede berk, pugta diýip, öndüriji tassyklaýar.

Häzirki wagtda onuň iPhone 12 we iPhone 13 modellerine bolýan wersiýalary elýeter, ýöne basym görnüşi köpeldilip, iPhone 14-iň hataryny hem öz içine alar.Bir daşlygyň bahasy 68 dollardyr.

Ýene degişli makalalar

San-Marino iki müň ýyllyk kiçijik döwlet
Aşgabatda Ýaşlyk ýyllarymyzyň aýdymlary ýaňlanar
Türkmen wekiliýeti Parahatçylyk üçin Aziýanyň Parlamentara Assambleýasynyň mejlisine gatnaşýar
“Terminatory” dowam etdirmäge hyýallanýar
Saturnyň iň uly hemrasynda buludyň bardygy anyklandy
Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31...
Kristian Beýl iň oňat keşpleriň Di Kaprio hödürlenýändiginden nägile